- el
- 1Adamyň iki egninden aşak sallanyp durýan organy, gol.∙ Ol aýalyň elindäki çüýşe ýere gaçdy-da döwüldi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)∙ Aýsoltan ejesiniň eline agram bermän, ýeňillik bilen ýerinden galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Ol öz eliniň pyçakly jübüsine baranyny duýman galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Şol wagt hem elim kesewi, saçym sübsedi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ el alyşdyrmak1) Ýaraşdyrmak, barlyşdyrmak;.2) Nikadan soň öýlenen ýigit bilen gelni elleşdirmek, ellerini biri-birine berdirmek.◊ el barmazlyk — Bir işi edip bilmezlik, başarmazlyk, dözmezlik.∙ Dogrymy aýtsam, tüpeň atmaga meniň-ä elim barjak däl! («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Emma hiçbir zada elim baranok. (A. Kekilow, Söýgi)◊ el berişmek — Iki tarapyň hem bir zada bolan razyçylygyny görkezýän hereket, biri-biriniň elini tutmak, elleşmek.◊ el bermezlik — Başartmazlyk, eýgertmezlik, tutdurmazlyk, baş bermezlik, tapdyrmazlyk.∙ Eýsem seniň el bermän gaçyp ýörmäň dogrumy?! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)∙ Ol bize el bermez. («Görogly» eposy)∙ Sen at üstünde el bermediň. («Görogly» eposy)◊ el bulamak1) Eliňi hereketlendirip, bir zat etmekligi duýdurmak, çagyrmak.∙ Ýuka ýüpek köýnekli bir gyzyň el bulaýany göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Menem biabraýçylaga el bulap, özüme baka çagyramok ahyryn! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)2) Bir işe gatyşmak, goşulmak.∙ Men bu işe elimi bulamak islemeýärin.◊ el çarpmak — Razyçylygyň, makullamagyň alamaty hökmünde eliň aýasyny biri-birine urup ses çykarmak.∙ Her gezek perde düşende, ol aýaly bilen birlikde guwançly el çarpdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Kä ýerde olar ellerini çarpýardylar. (H. Ysmaýylow, Powestler)◊ el çekmek — seret el götermek∙ Men nähili bolsa-da ol ýaşulydan el çekjek däldim. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Biz-ä, ogul, Nurjan ikimiz şu öýden el çekmäge mejbur bolduk. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)∙ Sen beýle birehimlikden el çek! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Heniz hem giç däl, gitmek pikiriňden el çek! («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ el degirmek — seret el urmak∙ Indi maşgala «el degrip» başladylar. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)◊ el degmek1) seret el ýetmek∙ Meniň oýnamaga elim degenok! (G. Gurbansähedow, Enesiniň Ýumuşlary)∙ Bular başyma şeýle bir iş getirdi welin, heý sen goýaý, hiçbir zada elimiz deger ýaly etmediler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Oňa-muňa çykmaga elimizem degenok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Tez bolmaklyk, baş öwredilen bolmak; ulanylýan bolmak, täze bolmazlyk.∙ El degmedik zat.3) Bozulmak, namysa degilmek.∙ Şäheriň iň owadan, el degmedik näzik gyzy içki geýimindedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Olar, belki, «el degen» gyzdan çekinerler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ el galdyrmak — seret el götermek◊ el garmak — Bir zada goşulmak, el urmak, bir zady öz tarapyňa geçirmek, almak.∙ Agasynyň malyna, el garyp, bäş-alty goýny iýdi. («Görogly» eposy)◊ el gatmak — seret el urmak∙ Sen ýene-de halkyň zähmetine el gatýarsyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Maňa eliňe degräýseň, «el gatdy» diýip äleme jar ederin! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)◊ el gaýtarmak — Uran, urup horlan adama fiziki güýç bilen jogap bermek, özüni urmak bilen gaýtawul bermek.∙ Eger oňa el gaýtarsam, onuň maňa hezil bermejedigine gözüm ýetýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Görogly edeplilik edip, el gaýtarman saklandy. («Görogly» eposy)◊ el görkezmek — Bir iş üçin bir zat bermek, para bermek.◊ el götermek1) Birini ýa-da bir zady saklamak, duruzmak, birine bir zady aýtmak üçin goluny ýokary galdyrmak.2) Biriniň buýrugy boýunça eliňi ýokary galdyrmak.∙ Eliňi göter!3) Öz razyçylygyny bildirip ses bermek.∙ Ýok, Ýefimowa el göterip bolmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ýa özüňe el götermeli bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Biziň el götermejegimizi bilýär. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)4) Urmak, ýençmek.∙ Indi bu ýigide eliňi göterseň, soňunu özüňden gör! («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Bolmasa, hiç wagt perzendine el götermek kakasy ony beýle rehimsiz urmazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)5) Bir zatdan dänmek, araňy açmak, saklanmak, daşlaşmak, bir zada gaýdyp ýanaşmazlyk, bir zady taşlamak, terk etmek.∙ Ol bu pikirden el göterdi. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)∙ Şu päliňden el göter! («Tokmak» žurnaly)∙ Şu käriňden el götergin! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)◊ el salgamak — Eliňi hereketlendirip, bir tarapy görkezmek, ünsüni bir zada çekmek.∙ Özüniň yzy bilen aljyraňňylykda, tamdan çykan polkownik bilen ofisere el salgap, gör, nämeler tabşyrdy. (B. Soltannytazow, Kümüş)◊ el sermek1) Bir zat bermeklerini haýyş etmek, bir zat dilemek, kömek soramak.∙ Ýarym ýalaňaç çaga köçede el serip dur. (R. Seýidow, Bagtlylar)∙ Emma weli çörek diläp, Kişä elin sermedik gyz. (K. Gurbannepesow, Goşgular)2) Özüni aldyrjak bolmak, götertjek bolmak (çaga hakda).∙ Her görene el serip, «eje» diýip aglajak. (B. Kerbabaýew, Eserler Toplumy)◊ el süýdüni bermek — Özüňden önen ýaly edip saklamak, eklemek.∙ Ene süýdün däl-de, el süýdün berip, Biz ony ösdürdik, kökenek gerip. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Meniň el süýdüni berip terbiýelän ýetimegim galypdy. («Görogly» eposy)◊ el tutuşyp işlemek — Agzybirlik bilen işlemek.◊ el ujundan etmek — Bir işi yhlas bilen etmezlik, göwünli-göwünsiz etmek, çala-çula etmek.∙ Hemme zady el ujundan edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ el urmak1) Özüňe degişli bolmadyk zady özleşdirmek, almak, öz tarapyňa geçirmek.∙ Men ajymdan ölsem-de, haram mala el urmaryn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)∙ Hoja köpüň malyna el urýarmyş. («Zähmet Gahrymanlary»)2) Iş etmek, bir işe girişmek, iş bilen meşgul bolmak, bir zat edip başlamak.∙ Öýde belli işe elini urman, Aýlandy ikiýan bir ýerde durman. (A. Kekilow, Söýgi)∙ Ussadan geňeşsiz hiçbir adamyň skwažina el urmaga haky ýok. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)3) Gahar bilen birin urmak, ýençmek, kakmak.∙ Hiý-de adama, onda-da aýala el urarlarmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)4) Aýal maşgalany zorlajak bolmak, zorlamak bolup synanyşmak.∙ Asyl Mährijemal hem soragda: --Maňa «el urdy!» -- diýip görkezipdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)∙ Bally gotur maňa «el urjak» bolanda, bar, uýaňa ýapyş! -- diýdim. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ el uzatmak1) Birine ýardym bermek, kömek etmek, birini arkasyny tutmak.∙ Kim maňa el uzatsa, men şonuňky. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Bir iş etmäge synanyşmak, almak, öz tarapyna geçirmek.∙ Şu günden şeýläk iliň gyzyl-tyllasy meýdanda çaşyp ýatsa hem, şoňa men elimi uzatman. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)3) Birine zyýan ýetirmek, degmek.∙ Aryga el uzadanyň men goluny omurdanyndan omrup taşlaryn. (A. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ el üzmek — seret el götermek∙ Burawy ýaňadandan ýola salmak mümkinmi ýa ondan bütinleýin el üzmelimi? («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Indi ondan el üzäýmeli bolarmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Men toprakdan el üzmen. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)◊ el ýalamazlyk — Bir zatdan peýda görmezlik, gazanç etmezlik, haýyr görmezlik.∙ Eýran patyşasy türkmen topragyna näçe çozsa-da, onçakly el ýalan däldir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Bu tutýan pikiriňden el ýalamarsyň. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)◊ el ýaly — Möçberi uly bolmadyk, kiçijik, az.∙ Men öz gotur geçimi gaýgyrman, sürä goşmadym, sen bolsaň elim ýalak çagany gaýgyraňok! («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ El ýaly çörek.◊ el ýetmek1) Wagtyň bolmak, ýetişmek.∙ Şol mahal düşünjek bolmaga eli hem ýetmeýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)2) Bir zat etmäge mümkinçiligiň bolmak.∙ Gördüňmi, oba adamlarynyň meň bilen sözleşişlerini! Näme üçin diýseň, indi meniň elim uzadan ýerime ýetýär. (N. Saryhanow, Arzuw)∙ Gadym döwürdäki ýaly biz näme çörege zarmy, elimiz uzadan ýerimize ýetmeýärmi?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Onuň elleriniň ýetmeýän ýeri bolmaly däl ahyryn! (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)◊ el ýetmez — Gymmat baha, gerekli, taýsyz, tapylgysyz.∙ Özüni bolsa doktorçylykdan el ýetmez şaha hasaplaýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)∙ Bolduň meň başyma el ýetmez akja guş! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)◊ el ýuwmak — Hemme zatdan çykmak, mal-mülksiz galmak, girdejisiz, düşewüntsiz bolup çykmak.∙ Garry awçy ähli maşgaladan, ýer-suwdan el ýuwup, bir wagt obadan çykyp gidýär. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)∙ Ýyl boýy çeken zähmetinden el ýuwup çykýan wagtlary-da az bolmaýardy. («Zähmet Gahrymanlary»)◊ el ýüzünde goýmak — Bir zady aňsatlyk bilen alar ýaly ýerde goýmak, saklamak.∙ Aýu, men-ä gelnimiz Bibi jana dakjak şaý-seplerimi el ýüzünde goýjakdyryn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ el-aýagyňy ýitirmek — Özüňi ýitirmek, aljyramak, çaşmak.∙ Emma el-aýagyny ýitiribermezlik Göroglynyň oglanlykdan öwrenen käridi. («Görogly» eposy)◊ el-aýak ýaly — Her hili ýumşy ýerine ýetirýän, her hili işi edip bilýän.∙ Ol el-aýak ýalydy.◊ el-ele bermek — Biri-biriňe kömek bermek, arkalaşmak, agzybirlik bilen hereket etmek.∙ Nurgeldi bilen-de el-ele berip işlemek üçin maslahatlaşdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)∙ Biz onuň hemişe özümiz bilen bir hatarda el-ele berip öňe gitmegini isleýäris. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ elde saklamak — Birini ýa-da bir zady öz ygtyýaryňda saklamak, öz erkiňe boýun egdirmek.∙ Ony elde saklamak gerek.◊ elden bermek — seret elden gidermek∙ Ol sypaýyçylygy elden bermedi. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)∙ Eserdeňligi elden bermedi, seni hem tutup tama dykarlar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)∙ Ol pursady elden berjek däl. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)◊ elden çekmek — Halas etmek, gutarmak; kömek etmek, ýaran bolmak.∙ Şeýdip doktor çekdi meniň elimden. (A. Mergenow, Goşgular)◊ elden çykarmak — seret elden sypdyrmak∙ Şeýle wagt biz erkegimizi nähili elden çykaryp bileris. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Biz muny elimizden çykarmarys. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)◊ elden çykmak1) Arany açmak, daşlaşmak, ýok bolmak;.2) Bir zady etmek, çykarmak, ýasamak, bejermek.∙ Biziň elimizden çykan zadyň ýaramazy bolmaz. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)◊ elden düşmezlik — seret elden-ele geçmek◊ elden geçirmek — Bir zat bilen iş salyşmak, barlap görmek, seredip çykmak.∙ Sona kän tomlary elden geçirdi. (D. Baýmyradow, Söýgi we Mekirlik)∙ Baganany bir baş elden geçirip, onuň ýokary sortdan kabul edilmegini gazandylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ elden gelmek — Bir zady başarmak, oňaryp bilmek.◊ elden gidermek — Goldan çykarmak, mümkinçiligi elden bermek, bir zady öz wagtynda peýdalanyp bilmezlik.◊ elden gutarmak — Halas etmek, boşatmak, dyndarmak.◊ elden gutulmak — Boşamak, sypmak, çykmak, dynmak, halas bolmak.∙ Iňlisleriň elinden gutulyp bilerinmi?! (M. Ibrahimow, Ol Gün Gelen)◊ elden sypdyrmak — Gaçyrmak, pursaty, mümkinçiligi gidermek.∙ Pursady goldan bermek gerek däl, Pökgen aga ony elden sypdyrsaň, gaýdyp tutup bilmersiň! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ elden tutmak1) Kömek bermek, goldamak;.2) Birini etmişiniň (ogurlygynyň) üstünde tutmak.∙ Kim meniň elimden tutupdyr?◊ elden-aýakdan çykmak1) Bir işi etmejek bolup horlanmak, kynçylyk görmek;.2) Joşgunly duýgy görnüşli, gahar-gazaply hereket etmek.∙ Elden-aýakdan çykyp gygyrýan, käte göreş edýän çaglary-da bolýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Toýjan dogrusyny aýdaýsa aňlyşyna görä ussa elden-aýakdan çykjakdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)∙ Elden-aýakdan çykyp, gyzyna bakan goluny sallap gepledi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)◊ elden-aýakdan düşmek — Iki baka urunmak, gykylyk etmek, çarpynmak.∙ Ýasawullar gyzy alyp girmekçi bolalarynda, çörek bişirýän aýal elden-aýakdan düşüp, gykylyk edipdir. (Myraly)∙ Onda Doýduk elden-aýakdan düşüp, gykylyk etdi. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)∙ Emma Toýjanyň ejesi Durdygözel şol habary eşidenden elden-aýakdan düşüpdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)◊ elden-ele geçmek1) Biriniň eýeçiliginden ikinji bir eýeçiligine, ygtyýaryna, garamagyna geçip, çalşyp durmak.∙ Käbir punktlar bir günüň içinde elden-ele geçýärler. Şol ýerde gazaply söweş barýardy, şäher elden-ele geçýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Bir adamdan ikinji bir adama geçmek, ýaýramak, elden düşmezlik.∙ Ol elden-ele geçip, daş ýüzüniň nagyşlary ýitip giden kitaby eline aldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)∙ Ullakan çilim elden-ele geçýär. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Ol kagyzlar bu wagtlar elden-ele geçip ýörendir. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)◊ ele almak1) Bir hünäri, käri, tilsimi öwrenmek, bilmek, özleşdirmek.∙ Seniň edýän käriňi öwrendim, aldym ele. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)∙ Onda bu hünäri ele almaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Öz erkiňe boýun egdirmek, öz diýeniňi etdirmek.∙ Ony ele alsak, derde ýarar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)3) Özüne erk etmek, özüňi dürsemek.∙ Täzegül, her niçik-de bolsa, özüni ele aldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ ele bakmak — Biriniň kömegine garaşly bolmak, bakna bolmak.◊ ele düşmek1) Bir zady edinmek, ele salmak, özüňki etmek, gazanmak.∙ Ýaňky kitabyň elime düşenine şu ýyl dogry kyrk ýyl bolýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Ele düşenjesini berýärdi.2) Tutulmak, üsti açylmak, syry bilinmek.∙ Meniň adym hem ele düşdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)∙ Gepiň tümmek ýeri, tä oglanlar ele düşýänçäler, gije ýatman saklamaly. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Iki ofiser diriligine ele düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Sen, keýigim, indi bary bir, ele düşdüň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ ele düşürmek1) Bir zatly bolmak, edinmek.2) Tutulmak.◊ ele geçirmek — seret ele salmak∙ Täji-tagty ele geçirenden soň, onuň iň mukdar gylyklary ýüze çykdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)◊ ele ilmek — seret ele düşmek∙ Ol ele ilmän, tussaga ilişmän ýeserlik bilen sypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ýatan ýigitleriň biri eline ildi. («Görogly» eposy)◊ ele salmak1) Öz ygtyýaryňa geçirmek, basyp almak.∙ Emma Gyraty nähili edip ele salmaly! («Görogly» eposy)2) Öz erkiňe boýun egdirmek;.3) Tapmak, tutmak.∙ Biz ony haçan-da bolsa ele salarys! (N. Pomma, Egri Eýikmez)∙ Sen ýanyňa bäş-on adam alyp, ony ele sal! («Sowet Türkmenistany» Gazýeti)∙ Ol günki gaçyp gidenleri ele saljak bolmaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Bular tüýs ýerinden geljek ogry, bulary ele salmagyň alajyny etmek gerek. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ eli açyk — Gysganç däl, sahy, jomart.∙ Öz ýumşak häsiýetliligim, ile ýaramlylygym we eli açyklygym üçin şol ady aldym ahyry. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ eli açyklyk — Gysganç dällik, jomartlyk, sahylyk.◊ eli agyr — Eden işi kynlyk bilen amala aşýan, kynlyk bilen şowuna düşýän, eli ýeňil bolmadyk.◊ eli agzyna ýetmek — Ykdysady taýdan özüňi tutmak, gurplanmak, ulanmak.∙ Eli agzyna ýetse, baýtalçasyny satyp, bir alaşa almanyň arzuwyndady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ene-atasy aňrujy elleri agyzlaryna ýetse, özleriniň ýekeje ogullaryny öýerjekdiler. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Hany, elim agzyma ýetsin, siz haramzadalar ondan soň görüň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ eli arasa — Kişiniň hakyny iýmeýän, ak ýürek.∙ Ol çendenaşa dogruçyl, eli arrasa adamdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ eli barlyk — Bir işiň hereketiň şeýle bolup çykmagynda daşyndan tasiriňi gatnaşygyň bar bolmaklygy.∙ Şol gurultaýyň çagyrylmagynda, maksadynda, alyp barjak işinde daşky döwletiň eli barlygy anykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ol adamynyň eli bardyr -- diýip oýlady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)◊ eli barmazlyk — seret eli galmazlyk◊ eli boşluk1) Hiç zatsyzlyk, boş.∙ Ol eli boş gelipdir.2) Öz ygtyýarly, öz eliňde bolmaklyk, näme edeýin diýseň, edip bilmeklik mümkinçiliginiň bolmaklygy, etjegini edip edip bilmeklik.∙ Eliň boş, näme gerek bolsa, erk özüňde! -- diýdi. («Görogly» eposy)∙ Näme etseň öz eliň boş, Emma weli maňa geňeş. (Çary Aşyr, Ýaş Kilwanyň Ýalňyşy)3) Belli bir wagt aralygynda işiň bolmazlyk, boşluk.∙ Eliň boş bolsa, kino giderdik.◊ eli çykmak1) Eliň bogny ýazmak.∙ Haýatdan ýykylyp eliň çykmak.2) Bir zada bolan endigiňi ýatdan çykarmak, başarjaňlyk ukybyňy ýitirmek.∙ Saz çalmakdan eliň çykmak;.◊ eli egrelmek — Ogrulyk etmek, ogurlamak.∙ Soňky wagtdan bäri onuň eli egrelip başlapdyr. (B. Kerbabaýew, Çekişmän-Bekişmez)◊ eli egri — Zähmeti siňmedik zady özleşdirijilik häsiýeti bolan, ogry.◊ eli egrilik — Ogrulyk.∙ Siz meni tanaýarsyňyz ahyry, heý mende eli egrilik gördüňizmi?! (Ş. Borjakow, Kaspi Kenarynda)∙ Bar zatdan beteri hem onuň eli egriligi!◊ eli galam tutmak — Hat ýazyp, okap bilmek, sowatly bolmak.◊ eli galmazlyk1) Birine fiziki taýdan zyýan ýetirmezlik, dözmezlik.∙ Oňa elim galmady;.2) Ters, bolmaz iş etmezlik.∙ Iliň zadyna eli galmaýar;.3) Bir işi etmekden saklanmaklyk, höwes bolamzlyk.∙ Şondan soň elim işe galmady.◊ eli getirmek — Oýunda utmak.◊ eli getirmek — Oýunda eliň çykmak.◊ eli gijemek — Uruşmaklygy islemek; iş etmekligi islemek.∙ Wagt geçip barýar, eli gijeýär! -- diýip, Serýožka oturan ýerinden aýtdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ eli gysgalyk — seret eli ýukalyk◊ eli keltelik — seret eli gysgalyk◊ eli köp — Kömek berýänleriň ýeterlik, köp bolmaklygy.∙ Agzy köp aşa ýagşy, eli köp işe. (Nakyl)◊ eli sowamak — Edýän işine bolan höwes gaçmak, sowuk-sala garamak, bir işi göwünli-göwünsiz etmek.∙ Onuň edýän işinden eli sowapdyr. (A. Kekilow, Söýgi)∙ Şeýle ýagdaýdaka Watanyň-iliň niçik bor, sowatsaň işiňden eliň?! (A. Kekilow, Söýgi)∙ Bu hakda pikir etseň, okuwdan eliň sowaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ eli süýjülik — Biriniň bişirýän naharynyň hemişe tagamly, süýji bolmaklygy, tagamly nahar bişirmeklige ökdelik.◊ eli uzynlyk — Her bir mümkinçiligi bolmaklygy, gurply, barly bolup, edeýin diýeniňi edip bilmeklik.∙ Olaryň elleri uzyndy, uzadan, ýerine ýetirýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Eli uzynyň dili uzyn. (Nakyl)◊ eli üzülmek — Aragatnaşyk kesilen bolmak, daşlaşmak.◊ eli ýarag tutmak — Ok atmaga, urşa ýaramak.◊ eli ýeňil — Başarjaň, ökde.◊ eli ýuka — Harç etmäge zady ýeterlik bolmadyk, puly az.◊ eli ýukalmak — Güzeran üçin harç puluň azalmak, ýagdaýyň peselmek.◊ eli ýukalyk — Harjyň azlygy, harçsyzlyk, sowmaga zadyň bolmazlygy.∙ Dostum, aýyplaşmarsyň, bu günler biziň elimiziň ýukarak wagtlary boldy, saňa hezzet-hormat hem edip bilmedik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ elini-aýagyny baglamak — Bir zada päsgel bolmak, mümkinçilik bermezlik.∙ Kör halyma Gulýanyň elini-aýagyny baglamaýyn diýdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Meniň el-aýagymy baglaýan şu çagalar-diýdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)◊ eliň aýasy ýaly — Düz, tekiz (ýer hakda).◊ eliň aýasynda saklamak — Oňat saklamak, seretmek, mähirli garamak, alada etmek.∙ Şunuň ýaly ärim bolsa, men elimiň aýasynda saklardym. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Hatyja olary eliniň aýasynda saklaýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)◊ eliň üsütnde saklamak — Birini oňat ekläp-saklamak, birine oňat seretmek.◊ eliňde baryny etmek — seret eliňden gelenini etmek∙ Ýoldaşyňy ölümden halas etmek üçin, eliňde baryňy etmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ eliňden çekilen ýaly bolmak — Keselden gutulmak, sagalmak.◊ eliňden dür dökülmek — Edýän işiňi gowy başarmak, işe örän ökde bolmak.◊ eliňden gelenini etmek — Mümkin bolan hemme zady etmek, bar güýjüň bilen hereket etmek.∙ Olar elinden gelenini edýärdiler.◊ eliňden gelmek — Bir zady edip bilmek, amala aşyrmagy başarmak, oňarmak.∙ Emma ol onuň elinden gelmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ eliňden iş gelmek — Işe ökde bolmak, her bir işi başarmak, her bir işden baş çykarmak.∙ Eliňden iş gelýän adam.◊ eliňe kakmak — Birine ters, ýaramaz iş etdirmezlik, duýduryş bermek.∙ Ol gaty gidýär, eline kakmak gerek.◊ eliňi burnuňa sokmak — Iş başarmazlyk, iş başarman öwrülmek, boş gelmek.∙ Biziň asla öýmüz bolmaz, Baýyňka men baryp bilmen; Iki elimi burna sokup, Baý gaşynda durup bilmen. (B. Kerbabaýew, Poemalar)∙ Onuň garagalpaga beren bagty ýaly bagt alyp gitmesem, men elimi burnuma sokup barabilmerin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ eliňi sowuk suwa urmazlyk — seret eliňi ýatan çöpe urmazlyk∙ Ol elini sowuk suwa urmaýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ol özüniň jahyllygyny alty doganyň biri bolup, elini yssy suwdan sowuk suwa urman, jalaýlyk edip geçiripdir. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)◊ eliňi ýatan çöpe urmazlyk — Hiç zat etmezlik, hiçbir iş bilen meşgul bolmazlyk, hojalyk işlerine kömekleşmezlik.∙ Ol birnäçe ýyllap elini ýatan çöpe urmasa-da, hiçbir zada mätäç bolmajygyny ol adamlar duýmadylar, asyl, ol olaryň ýadyna-da düşmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ iki elläp ýapyşmak — Bir işe yhlas bilen girişmek, bir zady höwes bilen etmek.◊ kişi eli bilen ot gorsamak — Janyňy gynamazlyk, özüňe agram salmazlyk.◊ meniň elimde däl! — Maňa bagly zat däl.◊ sag el — Iň ýakyn kömekçi, hemişe işi edýän.∙ Ol meniň sag elimdi.◊ ýeňsäňi el ýaly etmek — Tiz, eglenmän gitmek, ýok bolup, güm bolup gitmek.∙ Onsoň şol saçagy goltugyma gysdym-da, ýeňsämi el ýaly edäýdim. (A. Gowşudow, Goşgular we Pýesalar)2«L» harpynyň ady.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.